Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

  • 25.04.2026 16:51
  • 9.3k+

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär.

Ýylyň başyndan bäri onuň baýlygy 8,1 milliard dollar artyp, jemi 92,6 milliard dollara ýetdi. Bu ösüş, esasanam, fond bazarlarynda onuň Adani Group holdinginiň gymmatly kagyzlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

Aziýanyň öňki baý adamy Mukeş Ambani bolsa ýylyň başyndan bäri 16,9 milliard dollar ýitirdi. Häzirki wagtda onuň baýlygy 90,8 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar.

Gautam Adani öz iş karýerasyny ownuk dokma söwdasyndan başlapdy. Häzirki wagtda onuň Adani Group kompaniýalar topary Hindistandaky portlaryň iň iri operatory bolup, energetika we dag-magdan senagaty ýaly pudaklarda hem giň gerimli işleri alyp barýar.


düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

17.06.2026 09:41
3k+

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......

12.06.2026 23:57
1.7k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......