Rawi Warmanyň suraty Hindistanyň taryhynda iň gymmat eser boldy: ol $18 milliona satyn alyndy

  • 09.04.2026 23:32
  • 7.9k+

XIX asyryň meşhur hindi suratkeşi Raja Rawi Warmanyň «Ýaşoda we Krişna» atly suraty Deli şäherinde geçirilen auksionda 1,67 milliard rupiýa (17,9 million ABŞ dollary) satyldy. Bu nyrh suratyň ilkibaşdaky 8,6–12,9 million dollarlyk möçberde çaklanylan bahasyndan ep-esli ýokary boldy. Şunlukda, kiçijik Krişnany we onuň öweý ejesi Ýaşodany şekillendirýän bu eser Hindistanyň taryhynda iň gymmat satylan surat boldy.

Raja Rawi Warma häzirkizaman hindi žiwopisiniň düýbüni tutujydyr. Ol öz işlerinde induistik rowaýatlaryň sýužetlerini has çeperçilikli ýollar bilen beýan edipdir. 1890-njy ýyllarda çekilen «Ýaşoda we Krişna» suraty hem şeýle eserleriň biridir.

Suraty dünýäniň iň uly sanjym öndürijisi bolan Serum Institute of India (SII) kompaniýasynyň eýesi, hindi milliarderi Saýrus Punawalla satyn aldy. Jenap Punawalla bu suraty milli hazyna diýip atlandyrdy we jemgyýetiň ondan lezzet alyp bilmegi üçin «wagtal-wagtal sergilere goýjakdygyna» wada berdi. Hindistanyň «Gadymy ýadygärlikler we çeperçilik hazynalary hakyndaky» kanunyna görä, «Ýaşoda we Krişna» eserini ýurtdan alyp gitmek bolmaýar we oňa diňe Hindistanyň raýatlary eýelik edip bilýär.


21.06.2026 10:39
6.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......