«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar

  • 13.02.2026 09:10
  • 6.7k+

«RRR» we «Bahubali» filmleri bilen tanalýan hindi režissýory S.S. Rajamuli hindi kinematografiýasynyň taryhynda iň gymmat taslama boljak «Waranasi» atly täze filminiň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär.
Telugu dilinde düşürilýän täze filmiň önümçilik býujeti 150 million dollardan geçdi. Bu görkeziji režissýoryň öňki filminiň çykdajysyndan iki esse köp. «RRR» filmine 72 million dollar çykdajy edilipdi, netijede ol dünýä prokatynda 166 million dollar girdeji gazandy.
Rajamuliniň täze taslamasy ägirt uly başdangeçirmeler hakdaky ekşn-kino hökmünde meýilleşdirildi. Film üç yklymda — Hindistanda, Keniýanyň tokaýlarynda we Antarktidada surata düşürildi. «Waranasini» düşürýän döredijilik topary Antarktidanyň agyr howa şertlerinde işlemegi başaran sanlyja kinoçylaryň hataryna girdi.
Býujetiň ep-esli bölegi wizual effektleri (VFX) döretmäge sarp edildi. Bu proýektdäki ýörite effektleriň göwrümi režissýoryň ozalky işlerinden has uly hem çylşyrymly boljak.  Üstesine-de, täze taslamsa IMAX 1.43:1 formatynda düşürilen ilkinji hindi filmi bolar, henize çenli bu formatda diňe iňlis dilindäki filmler düşürilipdi.

Filmde baş keşpleri Maheş Babu, Priýanka Çopra Jonas, Çarapati Sehar we Prithwiraj Sukumaran ýaly meşhur artistler janlandyrdylar.
«Waranasi» filminiň premýerasy 2027-nji ýylyň 7-nji apreline meýilleşdirilýär.
Geçen ýylyň noýabrynda filmiň ilkinji tizeri peýda bolupdy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....