Hindistanly mugallym zenan 1 millon dollar bilen sylaglanyldy

  • şu gün 13:51
  • 1.8k+

Hindistanly mugallym zenan Rubl Nagi 1 million dollar möçberindäki «Global Teacher Prize» halkara baýragynyň eýesi boldy. Ol şeýle sylaga ýüzlerçe okuw merkezini döredeni hem-de garyp mähellelerdäki jaýlaryň diwarlaryna bilim maksatly suratlary çekmek ugrunda alyp baran işleri üçin mynasyp görüldi diýip, ClickOrlando neşiri ýazýar. 
Baýrak Dubaýda (BAE) geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde gowşuryldy.
Görnükli zenan mugallymyň esaslandyran «Rouble Nagi Art Foundation» (RNAF) atly çeperçilik fondy tutuş Hindistan boýunça 800-den gowrak okuw merkezini açdy. Bu merkezleriň maksady — mekdebe gitmedik çagalara ulgamlaýyn bilim almaga şert döretmekdir. Munuň daşyndan Nagi sowatlylygy, tebigy ylymlary, matematikany, taryhy we beýleki dersleri öwredýän diwar suratlaryny hem çekdirýär. Has takygy, Nagi sungatyň täsiri arkaly bilime elýeterliligi üpjün etmäge çalyşýar.

Rubl Nagi öz işine 24 ýyl mundan ozal, kiçijik  ussahanada 30 okuwçy bilen başlapdyr. Häzirki wagtda bolsa onuň bilim işleri 1 milliondan gowrak çagany öz içine alýar. Ol öz alyp barýan asylly işi hakynda: «Men özüm çagakam her bir çaganyň mekdepde okamagyny arzuw ederdim. Ulalyp, mümkin boldugyndan köp çaga kömek edip, şol arzuwymy amala aşyrmagym maňa tolgundyryjy tejribe berdi» diýip, gürrüň berýär.
«Global Teacher Prize» baýragynyň saýtynda ýerleşdirilen beýanatda: «Rubl Nagi her bir mugallymda hökmany bolaýmaly batyrgaýlyk, çeperçilik, rehimlilik we her bir çaganyň ukyplydygyna pugta ynanmak ýaly iň gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýär» diýlip, mugallym zenanyň aýratynlygyna uly baha berilýär.
Rubl Nagi 1 million dollary mugt hünär öwredýän instituty gurmak üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

 


27.03.2025 14:30
7.8k+

Hindistan Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp hakly okuwlary hödürleýär

Hindistanyň Medeni aragatnaşyklar baradaky Geňeşi (Indian Council for Cultural Relations, ICCR) Türkmenistanyň raýatlaryna dürli ugurlar boýunça bakalawr, magistr we ylmy-barlag maksatnamalary boýunça okamaga talyp...

20.02.2025 14:18
7.9k+

Türkmen ýaşlaryna Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okuwlar hödürlenilýär

Hindistanyň hökümeti ICCR talyp haklary maksatnamasy arkaly Hindistanyň abraýly uniwersitetlerinde/institutlarynda okamak isleýän türkmen ýaş raýatlaryna talyp hakly okuwy hödürleýär. Bu barada Turkmenportal Hindistanyň...

25.05.2023 15:31
17k+

Türkmen ýaşlary üçin Hindistanda talyp hakly okuw maksatnamasy açyldy

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hindistanda AYUSH dersleri boýunça bilim almak üçin talyp hakly maksatnamanyň açylandygyny habar berdi. Şeýle hem 2023-2024-nji ýyllarda bakalawr, aspirantura we doktorantura...

13.04.2023 15:25
38k+

Türkmenistanly ýaşlar Hindistanda mugt okamaga mümkinçilik alyp bilerler

Medeni aragatnaşyklar boýunça Hindi geňeşiniň portaly (ICCR) daşary ýurt talyplar üçin 2023-2024-nji okuw ýyllary üçin A2A stipendiýasyna ýüz tutmalaryň kabul edilýändigini habar berdi. Bu barada Orient agentligi...