Türkmen ýaşlaryna Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okuwlar hödürlenilýär

  • 20.02.2025 14:18
  • 8.1k+

Hindistanyň hökümeti ICCR talyp haklary maksatnamasy arkaly Hindistanyň abraýly uniwersitetlerinde/institutlarynda okamak isleýän türkmen ýaş raýatlaryna talyp hakly okuwy hödürleýär. Bu barada Turkmenportal Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Bu talyp haklary 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr, aspirantura we doktorantura (PhD) maksatnamalary üçin elýeterlidir.
Ýüz tutmalar https://a2ascholarships.iccr.gov.in salgysy boýunça ICCR A2A talyp haklary portaly arkaly onlaýn kabul edilýär, ol 2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda işe başlar.


düýn 20:41
1.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......