Hindistan Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp hakly okuwlary hödürleýär

  • 27.03.2025 14:30
  • 8k+

Hindistanyň Medeni aragatnaşyklar baradaky Geňeşi (Indian Council for Cultural Relations, ICCR) Türkmenistanyň raýatlaryna dürli ugurlar boýunça bakalawr, magistr we ylmy-barlag maksatnamalary boýunça okamaga talyp haklarynyň berilýändigini yglan etdi. Mundan başga-da, hindi medeniýeti — tans, saz, teatr, ýerine ýetirijilik sungaty, heýkeltaraşlyk, hindi dilleri, aşpezlik we beýleki ugurlar boýunça hem okuw mümkinçilikleri hödürlenýär. Bu maksatnamalar Hindistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynda amala aşyrylar.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy arzalaryň kabul edilmeginiň 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde tamamlanýandygyny habar berýär. Arzalar a2ascholarships.iccr.gov.in web sahypasy arkaly tabşyrylmaly. Bu web sahypasynda maksatnama barada doly maglumat we arza tabşyrmak boýunça görkezmeler hem elýeterlidir.
Okuw jaýlary öz kararlaryny 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli habar bermelidirler. Eger-de talyp hakyny bermek tassyklanylan ýagdaýynda – diplomatik wekilhanalara, ýatyrylan ýagdaýynda – dalaşgärleriň özlerine habar ediler.
Arza tabşyrmak üçin 131 ýokary okuw mekdebi hödürlenýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......