Hindistanda ýurt daşyndan alnan prosessorlary bejermekden ýüz öwrendigi üçin Intel-e 30 mln dollar jerime saldylar

  • 15.02.2026 23:07
  • 5.3k+

Hindistanyň Bäsdeşlik baradaky komissiýasy (CCI) Intel korporasiýasyny bazardaky agdyklyk edýän ornundan bikanun peýdalanmakda aýyplady we kompaniýa takmynan 30 million dollar möçberinde jerime saldy. Komissiýanyň hasabatyna görä, Intel-iň Hindistandaky şahamçasy 2016-njy ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň apreline çenli "kemsidiji kepillik syýasatyny" ýöredipdir.

Meseläniň esasy sebäbi, Hindistanyň çäginden daşarda satyn alnan prosessorlaryň (CPU) kepillik hyzmatyndan Hindistanda peýdalanyp bilinmezligidir. Hindistanly ulanyjylar daşary ýurtdan getirilen prosessorlary kemçilikli çykan ýagdaýynda, olary abatlamak ýa-da çalşyrmak üçin satyn alan ýurduna yzyna ibermäge mejbur edilipdir.
CCI bu tejribäniň diňe bir sarp edijileriň hukuklaryny däl, eýsem "paralel importçylaryň"  işini hem kynlaşdyrýandygyny anyklady.
Intel-iň Hytaýda we Awstraliýada hiç hili çäklendirmesiz "global kepillik" hyzmatyny hödürleýändigi, Hindistandaky şertleriň kemsidijidigini subut etdi.

Aslynda jerimäniň mukdary has ýokary bolup bilerdi — komissiýa zyýany kompaniýanyň ortaça dolanyşygynyň 8%-i möçberinde bahalandyrypdy. Emma Intel-iň 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap bu syýasaty öz meýli bilen bes edendigi sebäpli, jerime möçberi azaldyldy.
Jerime tölemekden başga-da, Intel Hindistanda giň gerimli maglumat kampaniýasyny geçirmäge, bu kemsidiji kepillik syýasatynyň doly ýatyrylandygyny resmi taýdan yglan etmäge we görlen çäreler barada hasabat bermäge mejbur edildi.


30.05.2026 11:21
2.4k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.5k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

16.05.2026 09:24
5.3k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....