Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi

  • 27.01.2026 11:29
  • 2.4k+

Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli «Ýyldyz» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabu we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini hem-de gadymy taryhy we medeni köklere daýanýandygyny belläp geçdiler. Hindistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistana «giňeldilen goňşuçylyk» syýasatynyň çäklerinde möhüm hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Taraplar nebit-gaz we himiýa senagaty, howpsuzlyk, saglygy goraýyş hem-de sanly ulgamlar ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny bildirdiler. Şeýle hem BMG we «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogy ýaly halkara meýdançalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Raşid Meredow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli duşuşyklaryň hyzmatdaşlygyň esasy özeni bolup durýandygyny belledi. Soňky ýyllarda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň amala aşyran saparlarynyň syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine itergi berendigini aýtdy.
Ýurtlaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna hem aýratyn üns berilýär. 2024-nji ýylda Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda hindi şahyry Rabindranat Tagora ýadygärligiň dikilmegi hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Dabaraly agşam iki ýurduň aýdym-saz we tans toparlarynyň, şeýle hem Aşgabatdaky Ýoga merkeziniň wekilleriniň çykyşlary bilen dowam etdi.


şu gün 00:03
2.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......