Hindistan $200 mlrd maýa goýum bilen dünýäniň EA-hasaplama merkezine öwrülmegi maksat edinýär

  • 20.02.2026 17:00
  • 3.8k+

Hindistan hökümeti geljek iki ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna 200 milliard dollardan gowrak maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waişnaw Nýu-Delide geçen «Emeli aňyň täsiri» sammitindäki çykyşynda aýtdy. Çärä EA pudagynda işleýän iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maýa goýumlaryny çekmek üçin häkimiýetler salgyt ýeňilliklerini, döwlet wençur goldawyny we syýasy höweslendirmeleri hödürleýärler. Amazon, Google we Microsoft kompaniýalarynyň eýýäm ýurtda EA we bulut infrastrukturasyny ösdürmäge takmynan 70 milliard dollar goýmakçydygy mälim edildi. Mundan başga-da, hökümet EA goşundylaryna we beýleki tehnologiýalara 17 milliard dollara çenli maýa goýumyna garaşýar.
OpenAI hem Hindistandaky ornuny berkitmek üçin ýerli infrastruktura bil baglaýar. Kompaniýa Hindistanyň Tata Group konglomeraty bilen maglumat merkezleriniň 100 megawat kuwwatyny bölüp bermek barada ylalaşyk gazandy. Şeýle-de geljekde bu kuwwatyň 1 gigawata çenli artdyrylmak mümkinçiligine-de bil baglanýar.
Hindistan häzirden OpenAI üçin iň uly bazarlaryň birine öwrüldi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sem Altmanyň baha bermegine görä, ýurtda ChatGPT-niň hepdelik ulanyjylar sany talyplardan başlap, telekeçilere çenli 100 milliondan geçýär. Hasaplamalaryň ýerli derejede ýerleşdirilmegi ýurduň içinde öňdebaryjy modelleri işe girizmäge, bökdençlikleri azaltmaga we döwlet düzümleri üçin maglumat saklamagyň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berer.
«IndiaAI Mission» maksatnamasynyň çäginde Hindistan umumy hasaplama kuwwatyny ýakyn wagtda häzirki 38 müň GPU-dan ýene 20 müň birlik artdyrmagy meýilleşdirýär. Maksatnamanyň indiki tapgyry ylmy-barlaglara, innowasiýalara we EA gurallaryna elýeterliligi giňeltmäge gönükdiriler.
Bellnenler bilen deň hatarda, ýurt elektron galyndylaryny gaýtadan işlemekde hem ösüş gazanýar. Hindistanda ýylda 3 million tonna çenli e-waste (elektron galyndy) emele gelýär, olardan EA we elektronika üçin zerur bolan litiý, kobalt, nikel we seýrek metallar alynýar. Bilermenler bu «şäher magdançylygynyň» potensialyny ýylda 6 milliard dollara çenli bahalandyrýarlar. Häzirlikçe galyndylaryň köpüsi resmi däl pudaklarda gaýtadan işlenilýär.


21.06.2026 16:10
3.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....