«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

  • 27.01.2026 16:31
  • 8.6k+

Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy. Bu barada ÝB-niň metbugat gullugy habar berýär.
Resminamanyň üstündäki işler 2007-nji ýylda başlapdy.
Degişli çözgüt Nýu-Delide geçirilen ikitaraplaýyn sammitiň dowamynda tassyklandy. Şol ýerde Hindistanyň premýer-ministri Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Fon der Lýaýen bu ylalaşygy «şertnamalaryň enesi» we «ähli döwürleriň esasy söwda şertnamasy» diýip atlandyrdy. Modi hem bu resminama şeýle baha berdi.
«Bu diňe bir başlangyç. Biz strategik gatnaşyklarymyzy has-da berkitmek üçin, olary ösdürmegi dowam etdireris» diýip, Ursula fon der Lýaýen X sosial ulgamynda ýazdy.
Şertnama, takmynan, 2 milliard ilaty bolan erkin söwda zolagyny emele getirýär. ÝB-niň habar bermegine görä, şertnama Ýewropa eksportynyň tas 97 göterimi üçin gümrük paçlaryny azaltmagy ýa-da ýatyrmagy göz öňünde tutýar, bu bolsa ýylda 4,75 milliard dollara çenli tygşytlamaga mümkinçilik berer. Iň uly täsiriň oba hojalygy, awtoulag senagaty we hyzmatlar ulgamy üçin bolmagyna garaşylýar.
Ýewropa Bileleşiginden getirilýän awtoulaglar üçin paçlar tapgyrlaýyn 110%-den 10%-e çenli düşüriler, awtoşaýlar üçin paçlar bolsa 5–10 ýylyň dowamynda doly ýatyrylar. Çakyr üçin paçlar 150%-den 75%-e, zeýtun ýagy üçin bolsa 45%-den nola çenli azalar. Şeýle-de, Hindistan aş önümleri we şokolad ýaly gaýtadan işlenen önümlerden gümrük pajyny aýrar.
«The Times of India» neşiriniň maglumatyna görä, Hindistan Ýewropanyň miwe şireleri, gaýtadan işlenen iýmit önümleri, margarin, zeýtun we beýleki ösümlik ýaglary üçin gümrük paçlaryny ýatyrar.
ÝB ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça jogapkärçiligi öz üstüne aldy we bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de senagat özgertmeleri üçin Hindistana 500 million ýewro bölüp berer.
Ylalaşyga hukuk barlaglaryndan soň resmi taýdan gol çekiler. Hindistanyň hökümet wekiliniň aýtmagyna görä, bu 5–6 aý wagt alar.
Hindistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwda ylalaşygy boýunça gepleşikler birnäçe gezek şowsuz boldy we 2013-nji ýylda togtadyldy. 2022-nji ýylda geňeşmeler täzeden başlandy. «Reuters» agentliginiň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda Hindistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwda möçberi 136,5 milliard dollara ýetdi.


düýn 00:06
11k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

17.04.2026 16:15
3.7k+

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna......

17.04.2026 15:20
1.2k+

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

16-njy aprelde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we strategik hyzmatdaşlygy......

15.04.2026 16:13
3k+

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Ýewropa bazarlaryna çykmagyň ýoluny öwrenýär

13-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri üçin eksport taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli dokma öndürijilerini Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna goşmaga bagyşlanan okuw......