Hindistan Holi baýramyny belleýär: Reňk festiwaly millionlarça adamy özüne çekdi (Foto)

  • 05.03.2026 22:09
  • 7k+

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Hindistan we dünýädäki induist jemgyýetleri ýazyň gelmegini hem-de ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýan iň şagalaňly we ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýan Holi baýramyny belleýär.

Şu ýyl esasy dabaralar 4-nji marta gabat geldi. Bu baýram mynasybetli şäherleriň köçeleri biri-biriniň üstüne «gulal» diýlip atlandyrylýan dürli reňkli tozgalary sepýän adamlardan doldy. Baýramçylyk bir gün öň «Holika Dahan» – ot ýakmak däbi bilen başlandy. Bu däp adamlaryň ýamanlygy ýok etmek ynanjy bilen baglanyşyklydyr.

Baýramçylyk günleri doga-dileg etmek bilen bir hatarda her öýde «gujiýa» diýlip atlandyrylýan däp bolan süýjülikler taýýarlanýar we gury ir-iýmişler goşulan sowuk süýtli içgi – «tandaý» içilýär.

Holi baýramy induizmde Wişnunyň wepaly tarapdary Prahladyň halas bolmagy we onuň janyna kast etmäge synanyşan Holikanyň otda heläk bolmagy baradaky rowaýata esaslanýar. Şeýle-de, bu festiwal Radha we Krişnanyň söýgüsine bagyşlanýar, şol sebäpli iň uly dabaralar Krişnanyň çagalygy bilen bagly bolan Mathura we Wrindawan şäherlerinde geçirilýär. Baýram mynasybetli induistik ybadathanalar ýiti boýaglar, gymmat bahaly daşlar bilen bezelýär.

Holi baýramynyň ýiti reňkleriniň şatlygy, täzelenmäni we baharyň gelmegini aňlatmakdan başga-da manysy bardyr: adamlar biri-birine dürli reňkli tozgalary sepende, durmuş gatlaklarynyň arasyndaky serhet aýrylyp, reňkine garamazdan, adamlaryň ählisiniň deňdigine bolan ynamy, agzybirligi we deňligi görkezýär.

Holi baýramy millionlarça adamy we syýahatçyny özüne çekmek bilen, Hindistanyň iň möhüm we giňden bellenilýän festiwallarynyň biri bolmagynda galýar. Dabaralar Nepalda we induist jemgyýetleri bolan dünýäniň beýleki sebitlerinde-de giňden ýaýbaňlanýar.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....