Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady

  • 26.01.2026 11:06
  • 4.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Draupadi Murmuwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Hindistanyň Respublika güni 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmegini hem-de ýurduň britan dominiony derejesinden respublikan dolandyryş ulgamyna geçmegini alamatlandyrýan milli baýramçylykdyr.

 


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

30.05.2026 11:21
2.5k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......