Waşingtonyň milli muzeýi Hindistana degişli gadymy heýkelleri yzyna gaýtarar

  • 31.01.2026 14:47
  • 2.7k+

Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Hindistandan bikanun alnyp gaýdylan üç sany gadymy heýkeli yzyna gaýtarar. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy habar berdi.
Gürrüň Hindistanyň günortasyndaky ybadathanalarda saklanylan X, XII we XVI asyrlara degişli heýkeller barada gidýär. Olar dini dabaralarda ulanylypdyr. Waşington muzeýi bu gymmatlyklary ýurduň içindäki hususy galereýalaryň birinden satyn alypdyr, emma soňra olaryň gelip çykyşy baradaky resminamalaryň galpdygy belli bolupdyr.
2023-nji ýylda muzeýiň işgärleri Pondiçeridäki Fransuz institutynyň fotoarhiwi bilen bilelikde, bu heýkelleriň 1956–1959-njy ýyllar aralygynda Hindistanyň Tamilnad ştatynyň ybadathanalarynda surata düşürilendigini anykladylar. Şondan soň Hindistanyň Arheologik müdiriýeti tapyndylary öwrendi we heýkelleriň ýurtdan bikanun çykarylandygyny tassyklady diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de, beýanatda heýkelleriň biriniň Hindistanyň razylygy bilen ABŞ-da galjakdygy we uzak möhletli kärende almak hukugy esasynda sergilendiriljekdigi barada habar berildi.
Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Smitson institutynyň düzümine girýär. Onuň eksponatlarynyň arasynda Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan, şeýle-de Ýakyn Gündogardan getirilen on müňlerçe sungat eserleri bar.


08.06.2026 17:48
7.4k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....