Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi

  • 16.02.2026 20:11
  • 1.4k+

Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi.
Times of India neşiri üçin makalada Altman ChatGPT-niň Hindistandaky çalt ösüşini belledi. 2025-nji ýylyň awgustynda OpenAI Nýu-Delide öz edarasyny açdy we hyzmaty ýerli bazara uýgunlaşdyrdy: bahasy 5 dollardan hem arzan bolan ChatGPT Go nyrhnamasyny girizdi, soňra bolsa ony hindi ulanyjylary üçin bir ýyl mugt elýeterli etdi.
Bu ösüşde esasy orny talyplar eýeleýär: emeli aň gurşawyndaky halkara kompaniýalar hindi talyplaryna mugt ýazylyşyklary we bilim gurallaryny hödürleýär. Hususan-da, Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň sentýabrynda talyplara bir ýyllyk AI Pro hyzmatyny mugt berdi.
Altman Hindistanda monetizasiýanyň kyndygyny, elýeterliligiň deň bolmazlygynyň we infrastruktura çäklendirmeleriniň bolsa emeli aňyň demokratik ýol bilen ornaşdyrylmagyny haýalladyp biljekdigini nygtady. OpenAI tehnologiýalara elýeterliligi ýokarlandyrmak üçin hökümet bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär.
Bäş gün dowam etjek India AI Impact Summit sammiti dünýäniň we Hindistanyň öňdebaryjy tehnologiýa hem syýasat wekillerini bir ýere jemlär. Olaryň arasynda Anthropic-iň ýolbaşçysy Dario Amodei, Google-dan Sundar Piçai, Mukeş Ambani we Nandan Nilekani hem bar.


15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

13.06.2026 12:23
8.1k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......