Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi ýurduň ýerli atlar jemgyýetiniň wekili bilen duşuşyk geçirdi

  • 20.02.2026 17:42
  • 4.5k+

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldynazarow bilen Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň esasy mazmuny iki ýurduň arasynda atçylyk pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmek mümkinçiliklerinden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň dünýä meşhur ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde döwlet derejesinde amala aşyrýan işleri barada maglumat berdi. Aýratyn-da, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýändigi we bu mynasybetli guralýan möhüm çäreler hem-de her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilip geçilýändigi barada gürrüň edildi.
Sarpartap Singh Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, türkmen tarapy bilen tejribe alyşmaga we atçylyk sportuny ösdürmekde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Taraplar bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny belledi.


şu gün 16:02
525

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......