9.7k+

Fabrisio Romano: “Real” Habi Alonso bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy

Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi Habi Alonso Madridiň “Realy” bilen 2028-nji ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ispaniýaly hünärmen tomusda – 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň işe girişer...

21k+

"Arkadag" futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy. Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy...

6.6k+

Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” klubunyň eýeleri boldy

“Mançester Ýunaýtediň” öňki meşhur futbolçylary Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” futbol klubunyň egindeş eýeleri boldy. Bu klub häzirki wagtda ABŞ-nyň dördünji diwizionynda çykyş edýär. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi...

11k+

Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

Kriştianu Ronaldunyň uly ogly – 14 ýaşly Kriştianu duş Santuş Portugaliýanyň 15 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysyna çagyryldy. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär. Ýygyndy 13-18-nji maý aralygynda Horwatiýada geçiriljek Wlatko Markowiç adyndaky halkara ýaryşyna gatnaşar...

4.9k+

Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy

Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda 2024/25 möwsüminiň futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynda öz ýeňşini üpjün etdi. Bu Lewerkuzeniň “Baýeri” 32-nji tapgyrda “Fraýburg” bilen deňme-deň – 2:2 hasabynda oýnandan soň belli boldy...

14k+

“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy...

16k+

“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar

“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Winisius Žuniora futboldan iki ýyl çetleşdirilmek  howpy abanýar. Tuttosport-yň we italýan žurnalisti Žanluka di Marsionyň berýän maglumatyna görä, FIFA futbolçynyň birnäçe futbol klublarynyň eýesi bolmak bilen guramanyň ahlak kadalaryny bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly iş geçirýär...

6.5k+

“Barselona” baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany uzaltdy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Marca neşiri habar berýär. Taraplar ýakynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň şertleri barada ylalaşdy...

5.4k+

Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär

Jeep brendiň logotipiniň Turiniň “Ýuwentus” futbol klubunyň eşik toplumynda ýene peýda bolmagy üçin ýylda, takmynan, 25 mln ýewro tölemäge taýýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şertnama taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy gaýtadan dikelder...

22k+

Messi geljegi uly 10 futbolçyny atlandyryp, olara aýratyn butsylary sowgat etdi

Argentinaly futbolçy Lionel Messi iň zehinli ýaş oýunçylary atlandyrdy. Ol sanawy adidas brendinden täze eksklýuziw butsylaryň çykmagy mynasybetli düzdi diýip, Give Me Sport neşiri ýazýar.   “Onuň köpleriň gözünde ähli zamananyň iň beýik futbolçysydygyny göz öňünde tutsak, Lionel Messiniň sport we oňa gatnaşýanlar baradaky pikiri uly ähmiýete eýe...

6.3k+

Linkin Park Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalyndan öň sahna çykar

Linkin Park nýu-metal topary 31-nji maýda müňlerçe futbol janköýeriniň öňünde çykyş eder. Bu çykyş topar üçin aýratyn ähmiýetli waka bolup durýar. Sebäbi olar 2024-nji ýylda täze wokalist Emili Armstronk bilen sahna dolanyp geljekdiklerini we «From Zero» atly täze albomlaryny çykarjakdyklaryny yglan edipdiler diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär...

3.1k+

Wan Deýk “Liwerpul” bilen şertnamasyny uzaltdy

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby niderlandly goragçy Wirjil wan Deýk bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär. Klubuň 33 ýaşly kapitany bilen täze şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder...

14k+

XXI asyryň iň gowy hüjümçileri atlandyryldy

Abraýly «Goal» sport portaly XXI asyryň iň gowy futbol hüjümçileriniň reýtingini düzdi. Ilkinji 10-luga Ýewropa klublarynyň iň täsirli hüjümçi üçlükleri girýär. Portala görä, müňýyllygyň başyndaky iň gowy hüjümçi...