“Liwerpul” Diogu Žotanyň hatyrasyna 20-nji belgini hemişelik dolanyşykdan aýyrdy

  • 12.07.2025 19:04
  • 9.3k+

“Liwerpul” futbol kluby toparyň aradan çykan hüjümçisi Diogu Žotanyň hatyrasyna 20-nji belgini dolanyşykdan aýyrýandygyny habar berdi. Bu barada klubuň saýtynda ýerleşdirilen resmi beýanda aýdylýar.

“Bu onuň buýsanç we mertebe bilen göteren, köp sanly ýeňişlere getiren belgisidi. Diogu Žota hemişe “Liwerpul” futbol klubunyň 20-nji belgisi bolup galar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Klub bu çözgüdiň oýunçynyň aýaly Rute we onuň garyndaşlary bilen maslahatlaşmadan soň kabul edilendigini belledi. 20-nji belgi indi “Liwerpulyň” hiç bir toparynda, şol sanda zenanlar toparynda we akademiýada hem ulanylmaz.

“Bu ädim diňe bir portugaliýaly ýigidimiziň soňky bäş ýylda klubuň üstünliklerine goşan ägirt uly goşandynyň däl, eýsem onuň öz topardaşlaryna, kärdeşlerine we janköýerlere ýetiren şahsy täsiriniň, şeýle-de olar bilen ýola goýan berk arabaglanyşygynyň ykrar edilmegidir” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Diogu Žota “Liwerpulda” 2020-nji ýylyň sentýabryndan bäri çykyş etdi. Ol “Wulwerhemptondan” geçdi. Klub üçin 182 oýna gatnaşyp, 65 gol geçirdi we 26 assist etdi. “Liwerpulyň” düzüminde Angliýanyň çempionatynyň, Angliýanyň Kubogynyň we iki gezek Iňlis ligasynyň kubogynyň ýeňijisi boldy.
Futbolçy 28 ýaşynda awtoulag heläkçiliginde heläk boldy. Onuň bilen bilelikde 26 ýaşly jigisi Andre hem aradan çykdy. Ol hem professional futbolçy bolup, Portugaliýanyň “Penafiel” klubunda oýnaýardy.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......