Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

  • 10.07.2025 14:09
  • 14k+

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär.

Derňewiň maglumatlaryna görä, Ançelotti 2014-nji we 2015-nji ýyllarda diňe futbol klubundaky işinden alýan girdejisini mälim edip, goşmaça girdeji çeşmelerini görkezmedi. Salgyt töleginiň umumy mukdary 1,062 mln ýewro boldy.
Bellemeli ýeri, zorluksyz jenaýatlar üçin we Ispaniýanyň kanunlaryna laýyklykda kazyýet jogapkärçiligine çekilmedik ýagdaýynda iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek hökümi, adatça, şertli hasaplanýar. Italýan tälimçisi salgyt edaralaryna 386 362 ýewro möçberde jerime tölemeli bolar.
Karlo Ançelotti “Reala” iki gezek ýolbaşçylyk etdi: birinji gezek – 2013-nji ýylyň iýunyndan 2015-nji ýylyň maýyna çenli, ikinji gezek – 2021-nji ýylyň iýunyndan 2025-nji ýylyň maýyna çenli. Şondan soň ol patyşalyk kluby bilen hyzmatdaşlygy tamamlap, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....