“Barselona” 35 ýaşly Woýseh Şensny bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 09.07.2025 11:18
  • 3.4k+

“Barselona” polşaly derwezeban Woýseh Şensny bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 35 ýaşly futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

Şensny katalon toparyna 2024-nji ýylyň oktýabrynda – karýerasyny tamamlandygyny yglan edenden iki aý soň goşuldy. Klub tejribeli derwezebany esasy derwezeban Mark-Andre ter Ştegen şikes alandan soň çagyrdy.
Şensny geçeni bäri “Barselona” üçin 30 oýna gatnaşdy, olardan 14-üsinde gol geçirtdirmedi. Topar bilen bilelikde Ispaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny utdy.
Ozal polşaly derwezeban “Arsenalda”, “Brentfordda”, “Romada” we “Ýuwentusda” çykyş etdi. Polşanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 84 oýunda oýnap, iki dünýä çempionatyna we dört Ýewropa çempionatyna gatnaşdy.


şu gün 15:58
4.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......