Barselona we Kongo DR 44 mln ýewrolyk hemaýatkärlik şertnamasy barada ylalaşýar

  • 17.07.2025 10:26
  • 7k+

“Barselona” futbol kluby Kongo Demokratik Respublikasy bilen dört ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşmaga ýakyn. Bu barada Mundo Deportivo neşiri habar berýär.

Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, klub her ýyl 11 mln ýewro alar. Şertnamanyň umumy mukdary 44 mln ýewro bolar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Barselonanyň” köýnekçeleriniň yzky böleginde “RDC, cœur de l’Afrique” (“Kongo DR – Afrikanyň ýüregi”) ýazgysyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Kongonyň sport we dynç alyş ministri Didýe Budimbu eýýäm birnäçe hepde bäri katalon klubunyň wekilleri bilen gepleşik geçirýär.
Bu şertnama “Barselona” La Ligada hereket edýän feýr-pleý düzgünleriniň çäklerinde 1:1 maliýe görkezijisine ýakynlaşmaga mümkinçilik berer.
Ozal Kongo DR bilen şeýle hyzmatdaşlygy “Monako” fransuz kluby baglaşdy. Iýun aýynda ol Afrika ýurdunda futbol infrastrukturasynyň ösüşine gatnaşmagy göz öňünde tutýan hyzmatdaşlyk barada resmi taýdan yglan etdi.


Ylalaşyk gazanylan ýagdaýynda, “Barselonanyň” futbolçylarynyň köýnekçelerindäki üýtgeşmeler diňe ýazgy bilen çäklenmez. Iýul aýynyň başynda klub 2025/26 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürläpdi. Ol toparyň tehniki hemaýatkäri bolan Nike amerikan brendi tarapyndan taýýarlandy.

“Eşik mirasy innowasiýalar, däp-dessurlary bolsa geljek bilen utgaşdyrýar. Nusgawy gök-gyzyl zolaklar “Barsanyň” futbol stiliniň iki esasy häsiýetini – hereketi we energiýany goşýan täze reňk öwüşginleri bilen üýtgedildi.
Diagonal boýunça zolaklary kesip geçýän gyrmyzy öwüşgin dinamizm we tizlik duýgusyny döredýär. Bu oýun günleri köçelerde we stadionlarda pasyrdaýan klubuň baýdaklaryna hormatdyr. Ol ýerli we global derejede nyşana öwrüldi” – diýlip, klubuň saýtyndaky relizde aýdylýar. 



şu gün 13:42
728

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......