“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 05.07.2025 06:21
  • 6.8k+

Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy. Ozal KHBS öňki şertnamada bu mukdaryň 62 mln ýewrodygyny habar beripdi.

“Karar bermeli bolanda, meň üçin esasy zat – ýüregim. Men öz bolmak isleýän ýerimde, öz halkym bilen. Bu meniň öýüm. Men bu ýerde ösdüm, hünärmen boldum we hakyky goldawy duýdum. Men bu taslama ynanýaryn we klub bilen ösmegi dowam etdirmek isleýärin. Meniň üçin “Atletigiň” reňkini goramak mertebe – men meýdançada ähli güýjümi görkezmekçi” – diýip, Uilýams aýtdy.

Geçen ýyldan bäri KHBS-de oýunçynyň “Barselona” geçip biljekdigi barada gürrüňler boldy. Marca neşiriniň maglumatlaryna görä, futbolçy katalon klubundan transfer bolan ýagdaýynda La Ligada hasaba alynjakdygyna resmi kepil almak isledi. Ol Dani Olmo bilen Pau Wiktoryň düşen ýagdaýyny gaýtalamak islemedi – olarda çempionatda hasaba alynmakda kynçylyk ýüze çykypdy.
Geçen möwsümde Uilýams “Atletik” üçin ähli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 11 gol geçirdi we 7 assist etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 70 mln ýewro barabar.


şu gün 15:58
4.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......