Insaýderler: “Barselona” satyn almak mümkinçiligi bilen Markus Reşfordy “MÝ-den” bir ýyl kärendesine alar

  • 21.07.2025 11:31
  • 10k+

“Barselona” “Mançester Ýunaýted” bilen 27 ýaşly hüjümçi Markus Reşfordy satyn almak mümkinçiligi bilen kärendesine almak barada ylalaşdy. Bu maglumaty The Athletic-den Dewid Ornşteýn we Fabrisio Romano ýaly abraýly insaýderler tassyklady.

The Athletic-iň maglumatlaryna görä, klublar satyn almak mümkinçiligi bilen birýyllyk kärende barada ylalaşdy, “Barselona” oýunçynyň zähmet hakyny dolulygyna öz üstüne alar.
Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, Reşford zähmet hakynyň 15% azaldylmagyna razy boldy. “Barselona” oýunça 14 mln ýewro (salgytlardan öň) tölär we görkezen netijelerine görä goşmaça bonuslar hem göz öňünde tutular. Klub oýunçyny 30 mln ýewro satyn alyp biler.
Reşford “Barselonada” oýnamagy arzuw edendigi üçin zähmet töleginiň azaldylmagyna razy boldy. Ispan metbugaty futbolçynyň katalon klubuna geçmek üçin Saud Arabystanyndan has bähbitli teklipden hem ýüz öwrendigini habar berýär.
Reşford geçen möwsümiň ýarysyny kärendesine hökmünde “Aston Willada” geçirdi. Iňlis metbugatynyň maglumatlaryna görä, ol “Mançester Ýunaýtedde” öz wagtynyň soňlandygyna düşündi. Kyn döwri başdan geçirýän iňlis klubundan tapawutlylykda (geçen möwsümiň jemi boýunça APL-de 15-nji orun), “Barselona” geçen möwsümde Ispaniýanyň çempionatyny utdy we Çempionlar ligasyna gatnaşar.
Reşford “Mançester Ýunaýtediň” ýetişdiren oýunçysydyr. Häzirki wagtda Transfermarkt portaly ony 50 mln ýewro bilen bahalandyrýar.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....