39 ýaşly Luka Modriç resmi taýdan “Milanyň” oýunçysy boldy

  • 15.07.2025 12:11
  • 7k+

Horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç resmi taýdan “Milanyň” oýunçysy boldy. 14-nji iýulda ol lukmançylyk barlagyndan geçip, italýan kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnamada ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

39 ýaşly futbolçy Madridiň “Realy” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň, italýan klubuna erkin agent hökmünde goşuldy. Ol “Realda” 2012-nji ýyldan bäri çykyş edipdi.
Modriç bu klubuň düzüminde geçiren 13 möwsüminiň dowamynda 28 kubok, şol sanda alty Çempionlar ligasyny utdy. Ol klubuň taryhynda iň köp titula eýe bolan oýunçy boldy.
La Gazzetta dello Sport neşiriniň habar bermegine görä, Modriçiň “Milanda” zähmet haky bir möwsüm üçin 3 – 3,5 mln ýewro bolar.
2018-nji ýylda Modriç ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde “Altyn topuň” eýesi boldy. 


şu gün 13:42
728

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......