“Real” maliýe ýylyny rekord €1,185 mlrd girdeji bilen tamamlady

  • 20.07.2025 18:15
  • 8.5k+

Madridiň “Realy” 2024-2025 maliýe ýyly üçin netijeleri barada hasabat berdi. Resmi metbugat relizine görä, transferleri hasaba almazdan klubuň girdejisi rekord 1,185 mlrd ýewro ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% köpdür.

Ýeri gelende belläp geçsek, ozal futbol toparlarynyň hiç birine 1 mlrd ýewrodan geçmek başartmandy.
Madrid klubunyň arassa girdejisi 24,3 mln ýewro boldy, bu bolsa geçen ýyldakydan 56% köpdür. EBITDA görkezijisi (göterimlerden, salgytlardan we amortizasiýadan öňki girdeji) klub üçin rekord 242,9 mln ýewro boldy.
2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli ýagdaýa görä, klubuň öz kapitaly 598 mln ýewro diýlip hasaplanýar. Karz koeffisiýenti nola deň, bu hem klubuň maliýe durnuklylygynyň ýokarydygyny tassyklaýar.
Stadionyň durkuny täzelemek üçin karzlary hasaba almazdan, arassa karz 12 mln ýewro boldy. Karzlar boýunça üzülmedik galyndy 1,132 mlrd ýewro barabar. 


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......