ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi.
Amerikalylaryň düzüminde 4-nji minutda Kris Riçards gol girizdi. Meksikalylardan Raul Himenes (27-nji minut) we Edson Alwares (78-nji minut) tapawutlandy.
Ýaryşda üçünji orny Gonduras bilen Gwatemalanyň milli ýygyndylary paýlaşdy.
Meksikanyň milli ýygyndysy kubogy yzygider ikinji gezek gazandy we taryhda dördünji gezek tituly gorady. Topar 13-nji gezek ýaryşda ýeňiji boldy, bu bolsa rekorddyr. Titul sany boýunça ikinji orny ýedi ýeňiş bilen ABŞ eýeleýär.
ABŞ-nyň milli ýygyndysy esasy oýunçylar bolmazdan oýnady: kapitan Kristian Pulişiç, ýarymgoragçy Ueston Makkeni, hüjümçi Timote Wea we beýlekiler.
Makkeni we Wea ýaryş wagty ABŞ-da geçirilýän Klublaýyn dünýä çempionatynda Italiýanyň “Ýuwentus” klubunyň düzüminde çykyş edipdi.
Amerikalylar 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýaryşda yzygider ikinji gezek utup bilmedi.
KONKAKAF-yň Altyn Kubogy – Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň milli toparlary üçin esasy kontinental ýaryşdyr. Ol, adatça, her iki ýyldan bir gezek ABŞ-da geçirilýär. Indiki ýaryş 2027-nji ýylda bolar.