Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy

  • 03.07.2025 22:52
  • 8k+

37 ýaşly argentinaly futbolçy Anhel Di Mariýa Ýewropadaky 18 ýyllyk karýerasyny tamamlaýandygyny we öz eziz kluby “Rosario Sentrala” gaýdyp barýandygyny habar berdi.

Ýarymgoragçy professional karýerasyna bu klubda başlapdy. Ol toparda 2005 – 2007-nji ýyllarda çykyş edenden soň, Ýewropa gelip, “Benfikada”, Madridiň “Realynda”, “Mançester Ýunaýtedde”, “Pari Sen-Žermende” we “Ýuwentusda” oýnady. Soňky iki möwsümi “Benfikada” geçirdi.
2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Di Mariýa “Rosario Sentralyň” oýunçysy boldy.

“Şu gün öýe dolanmagyň wagty geldi. Meniň Ýewropadaky karýeram tamamlandy. Köp ýyl geçdi, men köp klubda oýnadym we ýatdan çykmajak pursatlar bilen gidýärin.
Ýewropada geçen 18 ýylda men diňe bir ajaýyp şäherlerde däl, eýsem köp sanly örän gowy adamlar bilen ajaýyp klublarda-da durmuşdan lezzet aldym. Men hemişelik ýüregimde galjak dostlary gazandym. Meniň başdan geçiren her bir üýtgeşik pursatym meni şu günki derejäme ýetirdi. Urulmak, aglamak, gaharlanmak, turmak we öňe hereket etmek bolsa, elbetde, meniň futbolçy hem şahsyýet hökmünde ösüşimiň bir bölegi boldy…” – diýmek bilen, Di Mariýa oýnan klublarynyň her birine minnetdarlyk bildirip, topardaşlaryny we işgärleri hiç haçan ýatdan çykarmajakdygyny belledi.
“Men ene-atam we doganlarym bilen, gorky we ynamsyzlyk bilen 2007-nji ýylda asla ýaş wagtym geldim. Men ösdüm, ulaldym we häzirki günde men olaryň, aýalymyň we gyzlarymyň söýgüsi bilen gurşalan.
Maňa gapylaryňyzy açandygyňyz üçin, Portugaliýa, Ispaniýa, Angliýa, Fransiýa we Italiýa, size minnetdar. Hoş galyň” – diýip, Di Mariýa sosial ulgamlarda ýazdy. 


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......