Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

  • 09.07.2025 20:06
  • 7.1k+

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär.

Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär. Sergi 365 müň inedördül metr meýdany eýeleýär we 40 ýaşly futbolçynyň karýerasy bilen baglanyşykly 40 töweregi obýekti öz içine alýar. Olaryň arasynda Ronaldunyň 2008-nji ýylda alan “Altyn topy” we “Altyn butsy” bar. Mundan başga-da, futbol ýyldyzynyň mumdan ýasalan heýkeli bilen surata düşmek bolýar.
Myhmanlar Ronaldunyň Lissabondaky çagalygyndan gaýtadan döredilen otagyny görüp biler. VIP-petekleriň eýesine türgeniň öz YouTube kanaly üçin wideo ýazýan studiýalary hem görkeziler.
Petekler sagatda 500 myhmana niýetlenip satylýar.
Serginiň guramaçylary ýakyn wagtda futbolçynyň özüniň hem gelmegine garaşylýandygyny aýtdy. Sergi 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli açyk bolar, şondan soň ony materik Hytaýa geçirmek meýilleşdirilýär.


şu gün 15:58
1.6k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
2.2k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......