Federiko Walwerde 2024/25 möwsüminde meýdançada iň köp wagt geçiren futbolçy boldy

  • 18.07.2025 06:51
  • 6.4k+

Federiko Walwerde geçen möwsümiň iň köp hereket eden oýunçysy boldy. Madridiň “Realynyň” we Urugwaýyň milli ýygyndysynyň oýunçysy meýdançada 72 oýunda 6116 minut sarp etdi.

Ikinji orunda “Mançester Ýunaýtediň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş ýerleşdi. Ol 66 oýunda 5796 minut oýnady. Üçlügi “Milanyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Maýk Menýan jemledi. Onuň görkezijisi 63 oýunda 5624 minut boldy.
Şeýle-de, bäşlige “Bawariýanyň” we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ýozua Kimmih (5529 minut, 64 oýun) we “Mançester Sitiniň” hem Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Ýoşko Gwardiol (5459 minut, 64 oýun) girdi. 


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......