Apellýasiýa kanagatlandyryldy: «Liona» Fransiýanyň 1-nji Ligasynda galmaga rugsat berildi

  • 10.07.2025 14:06
  • 5.4k+

Fransiýanyň «Lion» futbol kluby ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda galmagy başardy. Milli administratiw gözegçilik departamentiniň (DNCG) topary 2-nji Liga düşürmek baradaky kararyna garşy berlen apellýasiýa kanagatlandyryldy. Bu barada Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň (FFF) metbugat gullugy habar berdi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, kluba geljekki möwsüm üçin býujetiniň çäginde zähmet haklary we transfer tölegleri boýunça çäklendirmeler girizildi.
25-nji iýunda «Lion» maliýe meseleleri sebäpli, 2-nji Liga düşürilipdi. «L'Équipe» neşiriniň maglumatlaryna görä, klubuň bergisi 175 mln ýewro barabar. Toparyň ýolbaşçylary DNCG-niň kararyny düşnüksiz diýip atlandyryp, «Lionyň» geljekki möwsüm üçin zerur serişdeleriniň bardygyny aýdypdyrlar. Apellýasiýanyň kanagatlandyrylmagy üçin klub 100 mln ýewro hödürlemeli hem-de möwsümiň dowamynda ýene 100 mln ýewro girdejiniň boljakdygyna kepil geçmelidi.
Klubuň resmi web sahypasyndaky beýanatda «Lionyň» täze ýolbaşçylygynyň maksatlaryna hormat goýandygy üçin, DNCG-niň Apellýasiýa komitetine minnetdarlyk bildirilýär.
1-nji Ligadan çykarylansoň, klubuň prezidenti Jon Tekstor wezipesinden gitdi. Onuň ýerine Mişel Kang geldi.
Geçen möwsümde topar 1-nji Ligada altynjy orny eýeledi we Ýewropa ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Klub Fransiýanyň çempiony diýen ada ýedi gezek mynasyp bolupdy. Bu titullaryň ählisi 2002-2008-nji ýyllar aralygynda gazanyldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......