“Real” Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Lukas Waskesiň gidýändigini yglan etdi

  • 17.07.2025 10:30
  • 8.5k+

Madridiň “Realy” 34 ýaşly goragçy Lukas Waskesiň klubdan gidýändigini habar berdi. Ol toparyň düzüminde 23 titul gazandy.

“Men “Real Madridi” terk edýärin, ýöne “Real Madrid” meni hiç haçan terk etmez. Men nirä gitsemem, maňa dünýäniň iň gowy toparynda oýnamak miýesser etdi diýip buýsanç bilen aýdaryn. Meniň durmuşymda iň ajaýyp syýahatda ýoldaş bolandygyňyz üçin minnetdar” – diýip, Waskes özüniň gitmegine teswir berdi.

17-nji iýulda futbolçynyň şanyna hoşlaşyk dabarasy geçiriler. Oňa klubuň prezidenti Florentino Peres gatnaşar.

“Lukas Waskes “Realyň” gymmatlyklarynyň aýdyň mysaly bolmak bilen, janköýerlerimiziň iň söýgüli oýunçylarynyň birine öwrüldi. Bu köýnekçede Lukas Waskes üstünlik üçin zerur bolan zähmetsöýerligi, tutanýerliligi, sadalygy we ýeňiji ruhuny alamatlandyrýar. Ol “Realyň” ähli janköýerleriniň söýgüsine we ykrar etmegine mynasyp bolan oýunçydyr. Madrid onuň öýüdi we hemişe öýi bolar” – diýip, Peres aýtdy.

Futbolçy “Realyň” ýetişdiren oýunçysy bolup, klubda 2007-nji ýyldan bäri bar (2014/15 möwsüminde kärendesine hökmünde “Espanýolda” çykyş etdi).
18 ýylyň içinde Waskes klub üçin 402 oýna gatnaşyp, 38 gol we 73 assist bilen tapawutlandy. Ol bu döwürde 23 titul gazandy: bäş gezek Çempionlar ligasyny, bäş Klublaýyn dünýä çempionatyny, dört UEFA-nyň Superkubogyny utdy, dört gezek Ispaniýanyň çempiony we Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi boldy, bir gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy.
Iýun aýynda KHBS onuň erkin agent hökmünde Stambulyň “Fenerbahçe” klubuna goşulyp biljekdigini habar berdi.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....