Zlatan Ibragimowiç EA Sports FC 26-nyň ýüzi boldy

  • 15.07.2025 17:27
  • 10k+

Şwesiýaly futbolçy Zlatan Ibragimowiç EA Sports FC 26 futbol simulýatorynyň mahabat kampaniýasynyň esasy gahrymany boldy. Onuň suraty oýnuň treýleriniň we ultimatiw nusgasynyň (bonuslar bilen oýnuň giňeldilen görnüşi) daşynda peýda boldy.

Taslama 16-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 21:00-da görkeziler. EA eýýäm wideo tanyşdyrylyşyndan surat hödürledi, onda Ibragimowiç täze bölümiň esasy ýüzleriniň biri hökmünde görkezilýär.
Futbolçy özüniň bu taslama gatnaşmagyna sosial ulgamlarda teswir berdi.

“Zlatansyz FC doly däldir. Men gaýdyp geldim” – diýip, ol ýazdy.

Ozal FIFA 21 döwründe Ibragimowiçiň oýunda onuň ýüz keşbiniň ulanylmagy baradaky mesele boýunça EA Sports bilen dawasy boldy. Şol wagt ol kompaniýanyň degişli hukuklary nireden alandygy baradaky sorag bilen ýüzlendi. Öz gezeginde, EA oýna goşulan ähli futbolçylaryň daşky keşbini gaýtadan döretmäge ygtyýarnamalarynyň bardygyny aýtdy. Ibragimowiçiň EA Sports FC 26-da peýda bolmagy taraplaryň ylalaşyga gelendigini aňladyp biler.
Oýnuň sentýabryň ahyrynda çykmagyna garaşylýar.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......