UEFA “Çelsä” €31 mln, “Barselona” €15 mln jerime saldy

  • 06.07.2025 20:11
  • 12k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) “Çelsä”, “Barselona” we ýene on kluba maliýe fair play düzgünlerini berjaý etmändigi üçin jerime saldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Klublaryň maliýe gözegçilik edarasynyň (CFCB) birinji palatasy London klubuna 31 mln ýewro, katalon klubuna bolsa 15 mln ýewro jerime saldy. Bu mukdarlar ýüze çykarylan düzgün bozmalar klublar tarapyndan düzedilmedik ýagdaýynda, degişlilikde, 80 mln ýewro we 60 mln ýewro çenli artyp biler.
Bellenilişi ýaly, “Çelsi” iki jerime aldy: klub 20 mln ýewrony girdejileri ýalňyş görkezendigi üçin, ýene 11 mln ýewrony topar üçin çykdajylaryň rugsat berlen derejeden ýokary bolandygy üçin tölär. Derňew klubuň zenanlar topary (£200 mln ýa-da €231 mln) we stadionyň golaýynda ýerleşýän iki myhmanhana (£76,5 mln ýa-da €88 mln) ýaly aktiwleri klub bilen bagly kompaniýalar arkaly satandygyny görkezdi. Başgaça aýdylanda, klub olary özüne satdy diýen ýaly. Mundan başga-da, “Çelsi” oýunçylaryň we agentleriň tölegine girdejileriň bellenilen 80%-inden köp sarp etdi.
“Barselona” iki ýyl synag möhleti bilen 15 mln ýewro jerime aldy. Munuň sebäbi klubuň maddy däl aktiwleri – media hukuklary we Barca Studios-da paýlary, şeýle-de entek dikeldiş ýagdaýynda bolan “Kamp Noudaky” VIP orunlary öňünden satmak boýunça şertnamalar boldy.
CFCB jemi 12 klubda düzgün bozulma tapdy. Çäreler “Aston Willa”, “Lion”, “Portu”, “Haýduk”, “Beşiktaş”, “Panatinaikos”, “Budýo-Glimt”, “Saraýewo”, “Wisla” we “Roma” klublaryna hem täsir etdi.
Ähli klublar düzgün bozmalary boýun alyp, UEFA bilen ylalaşyga geldi. Olar maliýe hasabatyny talabalaýyk etmäge borçlandy.


düýn 23:30
3.9k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.1k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......