UEFA klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyryna üýtgeşmeleri girizdi

  • 10.07.2025 20:55
  • 9.1k+

2025/2026 möwsüminde UEFA-nyň klub ýaryşlarynda pleý-off tapgyryna degişli täze üýtgeşmeler güýje girer.

AS neşiriniň habar bermegine görä, indi Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda öýdäki we myhmançylykdaky oýunlaryň geçiriliş tertibi bije çekişme arkaly däl-de, toparlaryň toparlaýyn tapgyryň umumy tablisasynda eýeleýän orunlary bilen kesgitlener.
Has ýokary orny eýelän topar jogap oýnuny öz meýdançasynda geçirmäge hukuk gazanar.
Täze düzgün ýaryşyň aýgytly tapgyrlarynda güýç deňagramlylygyny üýtgedip biler. Çünki, birinji oýunda zerur netijäni gazanyp bilmedik toparlar öz stadionynda geçiriljek jogap oýnunda has amatly şertlere bil baglap biler.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......