«Real» eşiginde ýerleşdirýän mahabatdan iň köp girdeji gazanýan klub bolup çykdy

  • 17.07.2025 10:18
  • 8.4k+

Madridiň «Realy» oýun eşiklerinde mahabaty ýerleşdirmekden gazanýan girdejisi boýunça dünýäniň futbol klublarynyň arasynda birinji orny eýeleýär. Bu barada Ispaniýanyň Marca gazeti habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, klub şeýle mahabatdan bir möwsümde €260 million girdeji alýar: €120 million – forma üpjün edýän kompaniýadan, €70 million – ady gursagyna ýazylýan baş hemaýatkäri tarapyndan we ýene €70 million – futbolkaň ýeňinde ýerleşdirilýän logotipler üçin.
Ilkinji üçlüge Angliýanyň «Mançester Siti» (€210,5 million: 115+74+21,5) we «Mançester Ýunaýted» (€200 million: 105+70+25) klublary girdiler.
Reýtingde ilkinji 10 orny eýelän beýleki toparlar:

4. «Barselona» — €183 million (105+70+80);
5. «Pari Sen-Žermen» — €170 million (90+70+10);
6. «Arsenal» — €141,5 million (71+58,5+12);
7. «Bawariýa» — €122 million (60+50+12);
8. «Liwerpul» — €102,5 million (58,5+35+9);
9. «Borussiýa» — €99 million (40+34+25);
10. «Tottenhem» — €80 million (45+35).


düýn 15:58
10k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......