“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

  • 08.07.2025 17:19
  • 10k+

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy.

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda “Bawariýa” klubuň düzüminde gazanan kuboklary bilen futbolçynyň suratyny we onuň çykyş eden tutuş döwründäki statistikasyny ýerleşdirdi.

“Hiç kimiňkä meňzemeýän karýera – biz seniň öňüňde baş egýäris, Tomas!” – diýlip, toparyň habarynda aýdylýar.

Mýuller “Bawariýanyň” ýetişdiren oýunçysy bolup, esasy topar üçin 2008-nji ýyldan bäri çykyş etdi. Klubuň düzüminde geçen 16 ýylyň dowamynda ol 750 oýna gatnaşyp, 250 gol geçirdi we 276 assist etdi.
Mýuller “Bawariýa” bilen bilelikde 33 kubok, şol sanda 13 gezek Germaniýanyň çempiony titulyny, ýurduň 6 Kubogyny we 8 Superkubogyny, Çempionlar ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda iki ýeňiş, şeýle-de iki UEFA-nyň Superkubogyny gazandy. 


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......