1.5k+

Gemini çat-boty audio ýazgylaryna düşünip, tekste öwürmegi öwrendi

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň esasyndaky önümleri üçin üç möhüm täzelenme hödürledi. Esasy täzelik Gemini çat-botunyň audio ýazgylaryna düşünip, olary tekste öwrüp bilmegi boldy. Indi ulanyjylar transkribasiýa üçin audiofaýllary ýükläp bilýär...

1.8k+

ChatGPT dünýäniň çat-bot bazarynyň 80%-den gowragyny eýeleýär

OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT emeli aňly çat-bot bazarynda agdyklyk etmegini dowam etdirýär we şeýle hyzmatlaryň dünýäde ulanylyşynyň bäşden dört bölegini öz içine alýar. Bu barada web-seljeriji StatCounter şereketiniň 2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň awgustyna çenli aralykdaky maglumatlaryna salgylanýan TechRadar habar berýär...

1.2k+

OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär

OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär...

2k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy programmistler üçin Grok Code Fast 1 modelini hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tizlige we işjeňlige gönükdirilen programmirlemek üçin Grok Code Fast 1 emeli aň modelini hödürledi. Model täze arhitektura esaslanýar we giň maglumatlar toplumy bilen okadyldy. Bu işde taýýar çözgütler, programmirleme boýunça meseleler we kody üýtgetmek üçin hakyky ýüz tutmalar ulanyldy...

3.3k+

Hünärmenler EA bilen işleýän ilkinji kompýuter wirusyny ýüze çykardy

ESET Research Labs-yň hünärmenleri emeli aňyň kömegi bilen işleýän zyýanly wirusy tapdy. Ol şeýle görnüşli ilkinji mälim bolan wirus boldy we PromptLock adyny aldy. Wirus taýýar promptlaryň toplumyny ýerli EA modeline iberýär, bu model hem jogap hökmünde Lua dilinde skriptleri döredýär (1993-nji ýylda döredilen dil programmirlemesi bolup, köplenç, oýunlary döretmekde ulanylýar)...

4.6k+

Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar...

1.3k+

OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar

OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär...

3.6k+

Weýmarda ChatGPT-niň pýesasy boýunça “FaustX” spektakly görkezildi

Nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň ýaşan we işlän ýeri bolan Germaniýanyň Weýmar şäherindäki sungat festiwalynda “FaustX” spektaklynyň premýerasy boldy. Ol günorta afrikaly režissýor Brett Beýli we onuň garaşsyz teatry Third World Bunfight tarapyndan sahnalaşdyryldy...

1.1k+

Google "Gemini" emeli aňyna resminamalary sesli okamak funksiýasyny goşdy

Google kompaniýasynyň işläp düzüjileri «Google Dokumentler» hyzmatyna teksti ses formata öwürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany girizdiler. Bu gurallar emeli aňyň Gemini modeliniň esasynda işleýär. «Audio» atly täze gural iş meýdançasynyň ýokarky bölegindäki «Gurallar» menýusynda peýda boldy...

1.9k+

OpenAI-iň o3 modeli küşt oýnunda Ilon Maskyň Grok modelini utdy

OpenAI-iň o3 EA modeli Kaggle AI Exhibition küşt ýaryşynyň final oýnunda Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok 4-i 4:0 hasabynda utdy. Bu barada The Independent habar berýär. Ýaryşa Anthropic, DeepSeek, Google we Moonshot AI ýaly kompaniýalaryň hem EA modelleri gatnaşdy...

1.9k+

DeepSeek neýroulgamynyň işinde global näsazlyk bolup geçdi

11-nji awgustda agşam DeepSeek neýroulgamyny ulanyjylar hytaý hyzmatynyň işinde köpçülikleýin bökdençlik barada habar berdi. Näsazlyklar hem web wersiýada, hem ykjam goşundyda ýüze çykdy. Çat-botuň saýtyndaky habarda meseläniň bardygy tassyklandy: “Hyzmat elýeterli däl...

3k+

WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär

The Wall Street Journal neşiri kähalatlarda ChatGPT ýaly emeli aňly ulgamlaryň adama nädogry ýa-da geň pikirleri berýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ulanyjylarda alada döredýändigini habar berdi. Neşiriň berýän maglumatlaryna...

2.8k+

Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi

Microsoft korporasiýasy Bing Image Creator hyzmatynda GPT-4o modelini mugt elýeterli etdi. Indi ulanyjylar bu emeli aň modeliniň kömegi bilen surat döredip biler. GPT-4o tekst beýanlaryna has takyk düşünip, ýazgylary surata goşup, olary üýtgedip ýa-da ýüklenen faýllaryň esasynda täze surat döredip bilýär...

1.9k+

OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň täze wersiýasyny – GPT-5-i hödürledi. “Biz häzirki günde iň gowy emeli aň ulgamymyz bolan GPT-5-i hödürleýäris. Bu haçan çalt jogap bermelidigini we hünärmen derejesinde jogaplar bilen üpjün etmek üçin haçan köpräk pikirlenmelidigini bilýän ýeke-täk ulgamdyr” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär...

2.2k+

ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sanynyň tiz wagtdan 700 milliona ýetjekdigini habar berdi. 2025-nji ýylyň martynda bu görkeziji 500 milliona deňdi diýip, TechCrunch ýazýar. OpenAI-iň wise-prezidenti Nik Terliniň aýtmagyna görä, hyzmatyň auditoriýasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse ulaldy...

2.8k+

OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär

OpenAI açyk parametrler bilen täze pikir ýöredýän EA modellerini – gpt-oss-120b bilen gpt-oss-20b-ni hödürledi. Ulanyjylar olary ýükläp alyp, öz enjamlarynda işledip biler. Modelleriň ikisi-de ädimleýin pikir ýöretme tehnologiýasyny (Chain of Thought) goldaýar...

3.8k+

Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy

Microsoft korporasiýasy ýakyn 3-8 ýylda neýroulgam tehnologiýalarynyň täsiri astynda ýitip gitjek ýa-da üýtgäp biljek 40 hünäriň sanawyny düzdi. Barlag dokuz aýyň dowamynda geçirildi. Kompaniýanyň hünärmenleri emeli aňyň haýsy ugurlarda işjeň ulanylýandygyny kesgitlemek üçin amerikan ulanyjylary bilen Copilot çat-botunyň arasynda 200 000 sany näbelli gepleşikleri seljerdi...