OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi

  • 08.08.2025 17:17
  • 1.9k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň täze wersiýasyny – GPT-5-i hödürledi.

“Biz häzirki günde iň gowy emeli aň ulgamymyz bolan GPT-5-i hödürleýäris. Bu haçan çalt jogap bermelidigini we hünärmen derejesinde jogaplar bilen üpjün etmek üçin haçan köpräk pikirlenmelidigini bilýän ýeke-täk ulgamdyr” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Kompaniýa GPT-5-iň ýazuw, programmirleme we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda has akylly, tiz we “has peýdaly” bolandygyny, modeliň gallýusinasiýa derejesiniň bolsa ep-esli peselendigini belleýär.
GPT-5 ähli ulanyjylar üçin ýazylyşyk bolmazdan açyk bolar. Olar 5 sagadyň içinde çat-bota 10 gezek ýüz tutup biler. Çäge ýetilenden soň, çat-bot awtomatik ýagdaýda ýönekeýleşdirilen wersiýa geçer. “Pikir ýöredýän” GPT-5 Thinking-den mugt peýdalanmak mümkinçiligi günde bir habar bilen çäklendirilýär.
OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altman GPT-5 bilen deňeşdirilende 2023-nji ýylda çykarylan GPT-4 modeliniň “has ejiz” ýalydygyny aýtdy. “Bu maňa iPhone-yň uly pikselli köne modellerden Retina displeýine geçişini ýatladýar” – diýip, ol belledi.
Tanyşdyrylyşda işläp düzüjiler GPT-5-de ýönekeý ýüz tutma bilen işleýän web-programmany döredip bolýandygyny görkezdi. Mysal hökmünde fransuz dilini öwrenmek üçin doly dizaýnly hyzmat döredildi.
OpenAI-iň tehnologiýa hyzmatdaşy we uly maýadary hökmünde çykyş edýän Microsoft korporasiýasy eýýäm täze dil modelini Copilot, Microsoft 365 Copilot, Azure AI Foundry, GitHub Copilot ýaly hyzmatlaryna goşup başlady. GPT-5 ýüzlenmäniň kontekstine baglylykda jogaplaryň çylşyrymlylyk derejesini özbaşdak saýlaýar we täze intellektual režim – Smart Mode hökmünde Copilot-da ulanylar. Täze intellektual režim EA kömekçisine çylşyrymly logiki meseleler üçin GPT-5-i we gysga soraglar üçin has ýeňil wersiýany ulanyp, modelleri üýtgedip durmaga mümkinçilik berýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......