Orson Uellesiň filminiň ýitirilen 43 minudyny emeli aňyň kömegi bilen döretmek isleýärler

  • 09.09.2025 13:11
  • 5.3k+

Showrunner kompaniýasy Orson Uellesiň 43 minudy ýitirilen hasaplanýan “Ambersonlaryň ajaýyplygy” filmini dikeltmegi maksat edinýär. Bu barada Entertainment Weekly neşiri habar berdi.

Dikeldiş üçin uzyn we çylşyrymly materiallary döretmäge niýetlenen täze emeli aň  modeli ulanylar. Taslama akademiki wezipe hasaplanýar we häzirlikçe täjirleşdirilmez.
Emeli aňdan başga-da, işde adaty usullar ulanylar: sahnalary VFX tehnologiýalaryny ulanyp, janly aktýorlar bilen surata düşürmek we ýüzleri asyl ýerine ýetirijileriň keşbi bilen çalyşmak. Şeýle hem, edebi esasyň garalamasyna we arhiw suratlaryna daýanmak meýilleşdirilýär.
1942-nji ýylda prokata çykaly bäri bu film kino taryhynyň iň uly betbagtçylygynyň biri hasaplandy, sebäbi surata düşürilen materalyň 43 minuty studiýa tarapyndan arhiwde ýer açmak we harby zerurlyk bilen bagly nitrat plýonkany eretmek üçin ýok edilipdir.
Taslamanyň direktory Braýan Rouz hereket edýän kamera bilen surata düşürilen dört minutlyk üznüksiz planyň aýratyn gymmatlydygyny belledi.

"Kamera zalyň bir töründen süýşüp gaýtmak bilen, soň ýene yzyna gidýär, şol wagtyň özünde onlarça dürli gahryman kadra girýär we ondan çykýar hem-de gapdal ýordum ugurlary biri-biri bilen eriş-argaç bolup geçýär. Bu wagtdan ozmakdy. Ýöne bu planyň soňky 50 sekundyndan özge hemmesi kesilip aýrylypdyr."


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....