Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi

  • 31.08.2025 08:47
  • 8k+

Samsung korporasiýasy X sosial ulgamynda mahabat wideosyny hödürledi we onda degişme äheňinde özüniň eplenýän Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň iPhone-dan artykmaçlygyny görkezdi.

Sýužet boýunça basseýniň gyrasynda dynç alýan iki adam iPhone bilen eplenýän Samsung smartfonyny deňeşdirýär. Galaxy Z Fold 7-niň eýesi öz smartfonynyň mümkinçiliklerini: açylyp-ýapylyşyny we emeli aňyň kömegi bilen suratlary redaktirlemek mümkinçiligini görkezýär – wideoda ol suratda özüne köýnek çekýär.
Wideo 12 müňden gowrak tomaşa we 170 töweregi laýk aldy.
Kompaniýa Apple-iň gowşak damaryndan tutdy – iPhone-da ösen emeli aň funksiýalarynyň ýoklugy we eplenýän formasynyň bolmazlygy. Ýöne GSMArena neşiriniň belleýşi ýaly, bu degişmeler tiz wagtdan öz ähmiýetini ýitirip biler, çünki Apple 2026-njy ýylda özüniň ilkinji eplenýän smartfonyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, ilkinji eplenýän iPhone dört kamera we Touch ID sensory bilen üpjün ediler. 


25.06.2026 10:21
4.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......