Kosmosdaky ilkinji EA kömekçisi: Hytaý orbita “Ukun” ulgamyny çykardy

  • 21.08.2025 16:21
  • 1.8k+

“Týangun” stansiýasyndaky hytaý astronawtlary ilkinji emeli aň kömekçisini aldylar. Ýerli açyk modeliň esasynda döredilen “Ukun” atly ulgam täze skafandrlar, miweler we beýleki ätiýaçlyklar bilen “Týançžou-9” ýük gämisi arkaly stansiýa eltildi.

China Daily neşiri “Ukun” adynyň “Günbatara syýahat” romanynyň gahrymany – Maýmynlaryň şasy Sun Ukunyň şanyna saýlanandygyny belleýär.
Emeli aň kosmos üçin uýgunlaşdyrylan dil modeli we bilimler bilen üpjün edildi. Ol professional ýumuşlaryň giň toplumyny ýerine ýetirip bilýär. “Şençžou-XX” gämisiniň ekipažy eýýäm açyk kosmosa çykmaga taýýarlykda ulgamy synagdan geçirdi. Missiýanyň komandiri Çen Dun we astronawt Wan Sze “Ukundan” iş meýilnamasyny sorady we ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin peýdaly bolan jikme-jik görkezmeleri aldy.
Astronawtlary taýýarlamagyň we öwrenmegiň hytaý merkeziniň işgäri Szou Penfeý “Ukunyň” orbitada işleýän ilkinji uly EA modeli bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ulgam eýýäm bir aý bäri durnukly işleýär we ekipaždan oňyn synlary aldy. Ol ýerüsti we bort modulyny birleşdirýär, bu hem maglumatlary seljermäge we möhüm meseleleri gönüden-göni stansiýada çözmäge mümkinçilik berýär.
EA-nyň kosmos wersiýasy täze ýumuşlara derrew uýgunlaşmaga we öz mümkinçiliklerini giňeltmäge ukyplydyr. Ol missiýany meýilnamalaşdyrmaga, maglumatlary gaýtadan işlemäge, çaklamalary öňe sürmäge kömek edip, ekipažyň psihologik ýagdaýyny goldaýar we stansiýa bilen Ýeriň arasyndaky gatnaşygy ýeňilleşdirýär. 


şu gün 10:53
1.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....