Hytaýyň uly sosial ulgamlary emeli aň tarapyndan döredilen kontentlere bellik goýup başlady

  • 05.09.2025 10:43
  • 2.3k+

1-nji sentýabrdan Hytaýyň WeChat (Tencent Holdings) we Douyin (ByteDance) ýaly uly sosial ulgamlary emeli aňyň kömegi bilen döredilen onlaýn kontentleriň ählisine bellik goýup başlady. Muny täze kanun talap edýär diýip, South China Morning Post habar berýär.

Martda kabul edilen kanun Senagat we maglumatlaşdyrma ministrligi, Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrligi we Hytaýyň döwlet radioýaýlym we telewideniýe edarasy bilen bilelikde HHR-iň Döwlet internet-maglumat kanselýariýasy tarapyndan taýýarlandy.
Talaplara laýyklykda, ähli ulgamlar emeli aň bilen döredilen tekstler, suratlar, audio, wideo we beýleki wirtual kontent üçin görnetin we gizlin bellikleri ulanmaly. Görnetin bellikler ulanyjylara görünmeli, gizlin görkezijiler bolsa, mysal üçin sanly suw bellikleri – meta-maglumatlara girizilmeli.
1,4 milliarddan gowrak ulanyjysy bolan WeChat kontent awtorlarynyň emeli aňyň kömegi bilen döredilen materiallary meýletin bellik etmelidigini habar berdi. Platforma goşulan bellikleri aýyrmagyň, ýoýmagyň, ýasamagyň ýa-da gizlemegiň, şeýle-de ýalan maglumatlary, awtorlyk hukuklaryny bozýan kontenti ýa-da başga bikanun hereketleri döretmek ýa-da ýaýratmak üçin EA ulanmagyň gadagan edilýändigini duýdurdy.
Hytaýyň beýleki sosial ulgamlary hem şeýle talaplary öňe sürdi. Aýda 766,5 million işjeň ulanyjysy bolan Douyin awtorlary her bir EA kontentine görünýän bellikleri goşmaga çagyrýar we meta-maglumatlar arkaly onuň çeşmesini yzarlaýar.
Weibo mikroblog saýty ulanyjylara ýerliksiz kontentler barada habar bermäge mümkinçilik berýän “Bellik edilmedik EA kontenti” opsiýasyny goşdy.


şu gün 11:02
1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....