Weýmarda ChatGPT-niň pýesasy boýunça “FaustX” spektakly görkezildi

  • 23.08.2025 18:35
  • 3.6k+

Nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň ýaşan we işlän ýeri bolan Germaniýanyň Weýmar şäherindäki sungat festiwalynda “FaustX” spektaklynyň premýerasy boldy. Ol günorta afrikaly režissýor Brett Beýli we onuň garaşsyz teatry Third World Bunfight tarapyndan sahnalaşdyryldy. Spektaklyň aýratynlygy esas hökmünde Gýoteniň tragediýasynyň tekstiniň alynmagy we onuň ChatGPT emeli aňy tarapyndan gaýtadan işlenmegi boldy.

Spektaklyň adyndaky “X” harpy Ilon Maska salgylanmadyr – sahnada baş gahryman onuň maskasyny dakynýar. Beýliniň wersiýasynda Faust islendik ýol bilen ösüş gazanmak pikirinde bolan häzirkizaman tehno-oligarhyna öwrülýär. Sahnada Maskyň obrazy diňe bir söz oýnatmasynyň netijesi däl: režissýor tehnologiýanyň güýjüniň hyjuw we hökmürowanlyk gazanmak islegi bilen nädip baglanyşýandygyny görkezdi.
ChatGPT diňe bir teksti redaktirlemäge däl, eýsem wizual işe-de gatnaşdy – neýroulgam sahnanyň yzyndaky suratlary döretdi. Olar hem adam bilen maşynyň arasyndaky dawany görkezýär.
“Fausta” ýüzlenmek bilen, Beýli adam bilen emeli aňyň birleşmeginiň utopiýa tarap ädim däl-de, täze “melgun” bilen töwekgelçilikli şertnamadygyny nygtamak isledi. Hut şonuň üçin onuň “FaustX” spektakly diňe bir ChatGPT bilen tejribe bolman, tehnologiýalaryň maýyl edijiligi we jemgyýetiň olar üçin töleýän bahasy barada häzirkizaman tymsalydyr.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......