ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar

  • 08.08.2025 16:22
  • 2.2k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sanynyň tiz wagtdan 700 milliona ýetjekdigini habar berdi. 2025-nji ýylyň martynda bu görkeziji 500 milliona deňdi diýip, TechCrunch ýazýar.

OpenAI-iň wise-prezidenti Nik Terliniň aýtmagyna görä, hyzmatyň auditoriýasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse ulaldy. Ol X sosial ulgamyndaky postunda ChatGPT-niň hem aýry-aýry ulanyjylar, hem toparlar tarapyndan okuw, döredijilik we çylşyrymly meseleleri çözmek maksady bilen işjeň ulanylýandygyny belledi.
Çat-botuň meşhurlygynyň artmagyna mart aýynda hödürlenen GPT-4-üň esasynda şekil emele getiriş funksiýasy uly ýardam berdi. Kompaniýanyň operasion müdiri Bred Laýtkapyň habar bermegine görä, ulanyjylar bu funksiýa işe girizilenden soň bary-ýogy birnäçe günüň içinde 700 milliondan gowrak surat döretdi.
Şeýle-de, tölegli agzalaryň sany hem artýar. Soňky maglumatlara görä, ChatGPT-ni 5 million korporatiw müşderi ulanýar – bu iýun aýyndakydan 2 million köpdür.
Sensor Tower-iň gözleglerine görä, ChatGPT diňe Google-dan we X-den (öňki Twitter) yza galyp, iň özüne çekiji programmalaryň üçlügine girýär. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda programmanyň ortaça ulanylyş dowamlylygy günde 16 minut, ýygylygy bolsa aýda 12 günden gowrak boldy. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......