Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar

  • 27.08.2025 15:44
  • 5.1k+

Hytaý emeli aň üçin dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurýar. Bu desga Şanhaýyň kenaryndan 10 km uzaklykda ýerleşip, golaýdaky deňiz ýel elektrostansiýasyndan energiýa alar diýip, Live Science habar berýär.

Maglumat merkezleri köp mukdarda elektrik energiýasyny we suwy sarp edýär, sebäbi serwerler dynuwsyz işleýär we enjamlara zeper ýetirip biljek ýylylygy bölüp çykarýar. Adaty maglumat merkeziniň energiýasynyň takmynan 40%-i serwerleriň töweregindäki howanyň temperaturasyny peseldýän, adatça suw bilen sowatmaklyga gidýär.
Suwasty merkezlerde deňiz suwlary serwer söýegleriniň arka tarapyndaky radiatorlar arkaly sordurylýar. Bu tebigy sowadyş Hailanyum-a gury ýerdäki maglumat merkezlerinden azyndan 30% az energiýa sarp etmäge mümkinçilik berýär.
Taslamanyň birinji tapgyry 396-792 sany AI mümkinçilikli serwerleri ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän 198 serwer söýegleri üçin niýetlenendir. Bu GPT-3,5 derejeli modeli taýýarlamak üçin ýeterlik derejede güýçlüdir. Deňeşdirmek üçin, Hytaýda ýerüsti maglumat merkeziniň ortaça 3000 söýegi, ýokary derejelisiniň bolsa 10 000-den gowrak söýegi bolýar.

Hailanyum suwasty merkeziniň bahasy 223 million dollardyr. Tehnologiýa 10 ýyldan gowrak ozal Şotlandiýanyň kenarynda 800 serwerli konteýneri gark bolan Microsoft-yň tejribesine esaslanýar. 2020-nji ýylda Microsoft germetikligi we adam bilen aragatnaşygynyň ýoklugy sebäpli, suwasty serwerleriň gury ýerdäkilere garanyňda seýrek ýagdaýda hatardan çykýandygyny habar beripdi.
Eger Hailanyum taslamasy üstünlikli bolsa, kompaniýa suwasty ýel bilen işleýän maglumat merkezleriniň örüsini giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, onuň deňiz gurşawyna täsiri baradaky soraglar açyklygyna galýar. Barlagçylar şeýle maglumat merkezleriniň suwuň temperatursynyň umumy ýylaýan döwründe deňiz biodürlüligine zyýan ýetirip biljekdigini bellediler. Şeýle ýagdaýda maglumat merkezlerinden çykýan suw has ýyly bolardy we düzüminde suwda ýaşaýan janly-jandarlar üçin zerur bolan kislorod az bolardy. Mundan başga-da, suwasty merkezlere akustiki sesler zeper ýetirip biler.
Şeýle-de bolsa, Günorta Koreýada, Ýaponiýada we Singapurda şuňa meňzeş maglumat merkezlerini döretmekligiň meýilleşdirilýändigi eýýäm yglan edildi.


15.04.2026 18:26
2.3k+

Hytaýyň Unitree H1 roboty tizlik rekordyny goýdy — 36 km/sag tizlige ýetdi

Hytaýyň adam şekilli Unitree H1 roboty sekuntda 10 metre çenli tizligini artdyryp, androidleriň arasynda tizlik rekordyny goýdy. Bu barada «Humanoids Daily» neşiri habar berýär....

13.04.2026 16:51
7.2k+

Hytaý buzlugy gyzgyn suw bilen 3413 metr çuňlukda burawlady

Hytaýyň 42-nji Antarktika ekspedisiýasy gyzgyn suw bilen burawlaýyş ulgamyny üstünlikli synagdan geçirdi we rekord 3413 metr çuňluga ýetdi diýip, Hytaýyň Tebigy gorlar ministrligine salgylanýan Sinhua habar......

02.04.2026 00:01
1.5k+

Hytaýyň Kinetica-2 täjirçilik raketasy ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady

Hytaýyň CAS Space hususy kompaniýasy Kinetica-2 raketasynyň ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Uçurylyş Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Dongfeng täjirçilik uçuş meýdançasyndan amala aşyryldy....

30.03.2026 10:56
3.6k+

Hytaýyň bir startapy kosmosda ýangyç doldurmaga niýetlenen “çeýe goly” synagdan geçirdi

Hytaýyň kosmos kompaniýasy orbitada çeýe robot goluny synagdan geçirdi. Bu işläp düzme kosmos gämilerine ýangyç guýmak we hyzmat etmek üçin niýetlenendir....