Ford zawodlarynda AI kameralary oturdýar. Olar eýýäm gurnama tapgyrynda iň ownuk kemçilikleri tapyp berýär

  • 15.08.2025 14:57
  • 3.9k+

Ford öz AI ulgamyndan iki sanysyny – AiTriz-i we MAIVS-i öz zawodlaryna ornaşdyrýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, olar häzirki wagtda iň ownuk önümçilik kemçiliklerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Dirborn şäherindäki zawod her ýylda dürli konfigurasiýaly 300 müňden gowrak F-150 pikabyny ýygnaýar. 2024-nji ýylyň dekabrynda işe girizilen AiTriz  köplenç adamyň gözünden sypýan millimetr ölçegdäki ýalňyşlyklary ýüze çykarmak üçin wideo ýazgylaryny seljerýär. Geçen ýylyň ýanwar aýynda çykan MAIVS 3D-sütünlerde oturdylan smartfonlar statiki suratlar bilen işleýär we detallaryň dogry gurnalyşyny barlaýar. AiTriz häzirki wagtda Demirgazyk Amerikadaky 35 apparatda, MAIVS bolsa 700-e golaýynda oturdyldy.


Kemçilikleri öňünden ýüze çykarmaklyk awtoulag öndürijilerine kepillik talaplaryna, yza çagyryşlara ýa-da gaýtadan işlemeklige ýetirmän, näsazlyklary düzetmäge mümkinçilik berýär. Ford şu ýyl eýýäm 2023-nji ýyla çenli ýygnalan ulaglaryň 94 gezek yza çagyryşyny bellige aldy. Bu bazarda iň ýokary görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, ikinji ýerde durýan Chrysler-iň 21 sany çagyryşy bar.
Detroit Free Press-iň habaryna görä, Ford-yň soňky gezekki yza çagyryş kampaniýalarynyň biri  694 271 sany Bronco Sport we Escape ulaglaryna täsir edip, çykdajysy kompaniýa 570 million dollara düşer.

"Olar [AI ulgamlary] guramaçylyk nukdaýnazaryndan gürrüňsiz kömek etdiler. Indi ulagyň ahyrky barlaga ýa-da barlag nokadyna ýeterine garaşyp oturmak hökman däl, prosese ýerinde gözegçilik edip bileris" – diýip, Dirborn zawodynyň inženeri Patrik Fraý belleýär.


05.06.2026 15:49
3.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.8k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

01.06.2026 10:57
3.1k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....