Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?

  • 26.08.2025 14:37
  • 4.6k+

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, alymlaryň bir topary bu sanlaryň jemgyýetçiligi  ýalňyş pikire iterýändigini aýtdylar.

Google-yň habar bermegine görä, gözlegiň ortaça netijesi,  takmynan, 0,03 gram kömürturşy gazynyň zyňyndysyna deňdir. Hasabatda kompaniýanyň howanyň maksatlaryndan "periferiýa" ýa-da kompaniýanyň gönüden-göni gözegçiliginiň daşyndaky zyňyndylaryň käbir kategoriýalaryny aýyrýandygy bellenilýär.
Alymlaryň pikirine görä, kompaniýanyň bu usulyýeti ýagdaýy doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik bermeýär.
Amsterdam garaşsyz uniwersitetiniň Daşky gurşawy öwreniş institutynyň aspiranty Aleks de Wrik-Gao: "Siz, esasan, aýsbergiň diňe depesini görýärsiňiz" – diýip, teswir berdi. Tankytçylaryň pikirine görä, Google elektrik energiýasyny öndürmek üçin gapdaldan sarp edilýän suwy däl-de, diňe maglumat merkezlerini sowatmak üçin ulanylýan suwy hasaplaýar.
Kompaniýa hasabaty resenzirlemek üçin tabşyrmagy meýilleşdirýändigini we aç-açanlygy ýokarlandyrmagyň üstünde işlejekdigini aýtdy. Onuň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýylda Gemini-niň energiýa netijeliligi 33 esse, bir soragyň uglerod yzy 44 esse azaldy.
Şeýle-de bolsa, barlagçylar netijeliligiň ýokarlanandygyna garamazdan, AI çeşmeleriniň umumy sarp edilişiniň hem ýokarlanýandygyny, bu hapalanmagyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar.
Google neşir edilmezinden ozal diňe OpenAI-yň baş direktory Sem Altmanyň AI-niň  köpçülikleýin ulanylmagynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha berendigini bellemelidiris: iýun aýynda ChatGPT-iň ortaça soragynyň “takmynan 0,34 watt-sagat” sarp edýändigini ýazdy.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....