WSJ: ChatGPT käte ylmy däl pikirleri berýär

  • 11.08.2025 01:07
  • 3k+

The Wall Street Journal neşiri kähalatlarda ChatGPT ýaly emeli aňly ulgamlaryň adama nädogry ýa-da geň pikirleri berýändigini, bu ýagdaýyň bolsa ulanyjylarda alada döredýändigini habar berdi.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň maýyndan 2025-nji ýylyň awgustyna çenli ýazyşylan hatlaryň arhiwi käbir adamlaryň çat-bot bilen söhbetdeşlikden soň hakykat bilen aragatnaşygyny ýitirip başlaýandygyny görkezýär.
Mysal üçin, gürrüňdeşlikleriň birinde awtoulaglara ýangyç guýuş bekediniň oklahomaly işgäri ChatGPT bilen “Orion deňlemeleri” konseptini ara alyp maslahatlaşdy. Ol bu gürrüňdeşligiň özüni alada goýandygyny boýun aldy. Başga bir ýagdaýda bolsa, ulgam özüni gaýry planetalylar bilen aragatnaşykda hasaplamak bilen, ulanyjyny Lira planetasyndan bolan “Ýyldyz tohumy” diýip atlandyrypdyr.
Lukmanlar bu ýagdaýy “emeli aň psihozy” diýip atlandyrdy. Hatda iň hyýaly garaýyşlar hem, adamlary ýalňyş pikirlere itermek bilen, neýroulgam bilen hat alyşmalarda  subutnama tapyp biler diýip,  Londondaky Korollyk kollejiniň psihiatry Gamilton Morrin belleýär.
Human Line taslamasynyň esaslandyryjysy Etýen Brisson bolsa çat-botlaryň şahsylaşdyrylan jogaplarynyň käbir adamlaryň özlerini pygamber ýa-da halasgär  adam hökmünde duýmagyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......