ChatGPT-nip täze modeli çykandan soň, Mask Grok 5-iň hacan çykjakdygyny aýtdy

  • 09.08.2025 18:18
  • 5.7k+

Ilon Mask xAI kompaniýasynyň “şu ýylyň ahyryna çenli” Grok 5 modelini çykarjakdygyny aýtdy. Bu OpenAI-iň täze GPT-5 modeli tanyşdyrylandan soň belli boldy.

Maskyň aýtmagyna görä, xAI-iň emeli aňynyň häzirki wersiýasy Grok 4 OpenAI-iň soňky modelinden “has üstün gelýär”. Şeýle-de, ol Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella ýüzlenip, OpenAI-iň “Microsoft-y dirilige ýuwutjakdygyny” duýdurdy.
Nadella şeýle synanyşyklaryň eýýäm köp ýyldan bäri dowam edýändigini belledi.

“Adamlar eýýäm 50 ýyl bäri synanyşýar, ähli gözellik hem şunda! Sen her gün täze bir zady bilýärsiň, innowasiýalary döredýärsiň, hyzmatdaşlyk edýärsiň we bäsleşýärsiň. Azure-de Grok 4-e sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn we Grok 5-e sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Microsoft-yň ýolbaşçysy belledi.

Şol gün ol GPT-5-iň kompaniýanyň Microsoft 365 Copilot, Copilot, GitHub Copilot we Azure AI Foundry ýaly platformalarynda işe girizilendigini habar berdi. Nadella modeli OpenAI-iň “häzirki günde iň güýçli” önümi diýip atlandyrdy we onuň “pikir ýöretmek, kodlamak we çat boýunça täze güýçli taraplaryny” belledi. Ol modeliň Azure-de okadylandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Soňra Mask OpenAI-iň soňky modeliniň deregine xAI-iň önümini makul bilen ulanyjylaryň synlaryny hödürledi. 


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....