Hünärmenler EA bilen işleýän ilkinji kompýuter wirusyny ýüze çykardy

  • 31.08.2025 20:37
  • 3.4k+

ESET Research Labs-yň hünärmenleri emeli aňyň kömegi bilen işleýän zyýanly wirusy tapdy. Ol şeýle görnüşli ilkinji mälim bolan wirus boldy we PromptLock adyny aldy.

Wirus taýýar promptlaryň toplumyny ýerli EA modeline iberýär, bu model hem jogap hökmünde Lua dilinde skriptleri döredýär (1993-nji ýylda döredilen dil programmirlemesi bolup, köplenç, oýunlary döretmekde ulanylýar). Bu skriptler hem wirusyň wezipesini ýerine ýetirýär, ýagny gurluşyň faýl ulgamyny skanirläp, zerur maglumatlary tapýar we olary ogurlaýar ýa-da şifrleýär.
Işlemek üçin wirus OpenAI kompaniýasynyň bir aý töweregi ozal çykarylan gpt-oss-20b açyk modelini ulanýar. PromptLock skriptleri, operasion ulgama görä sazlamagy talap etmezden, Windows-da, Linux-da we macOS-da birmeňzeş işleýär.
Hünärmenler häzirki wagtda PromptLock-yň prototipe meňzeşdigini belleýär. Faýllaryň ýönekeý şifrlenmegi we maglumatlary bozmak ýaly işlemeýän funksiýalar onuň heniz taýýarlamagyň irki tapgyryndadygyny görkezýär. Şeýle-de, entek wirusyň köpçülikleýin ýaýrandygy hasaba alynmady.
Promptlaryň birinde bitkoin gapjygynyň salgysy görkezilen. Ol bitkoini dörediji diýlip hasaplanýan Satosi Nakamoto bilen baglanyşykly bolup biler. Žurnalistler muny wirusyň tejribe häsiýetini tassyklaýan wagtlaýyn salgy diýip hasaplaýar.
Ýatlap geçsek, 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda OpenAI gpt-oss hataryndan has ýönekeý we has kuwwatly iki modeli çykardy. Bu 2019-njy ýylda GPT-2 çykany bäri kompaniýanyň açyk başlangyç kodly ilkinji EA ulgamlary boldy. Işläp düzüjiler modeli goşmaça okadyp, olary öz maksatlaryna görä sazlap bilýär.


düýn 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
5.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......