Microsoft syçanlaryň we klawiaturalaryň geçmişde galjakdygyny çaklaýar

  • 10.08.2025 21:45
  • 3.3k+

Microsoft 2030-njy ýyla çenli adamlar kompýuterleri sesi, gözi we hatda pikirleri bilen dolandyrar diýip hasaplaýar. Windows operasion ulgamynyň geljegi baradaky garaýyşlaryny kompaniýanyň wise-prezidenti Dewid Ueston paýlaşdy.

Onuň sözlerine görä, emeli aň Windows şahsy kompýuterleriniň merkezi elementine öwrüler. Copilot AI kömekçisi eýýäm häzirden ulgamyň dürli böleklerine ornaşdyryldy, ýöne geljekki bäş ýylda onuň orny ep-esli giňeler. Microsoft munuň adaty enjamlaryň - syçanlaryň we klawiaturalaryň zerurlygyny aradan aýrar diýip hasaplaýar. Munuň ýerine ulanyjylar multimodal täsir ediş usullaryny: sesi, göreji, beýni signallaryny ulanarlar.

"Meniň pikirimçe, gözümizi az ulanarys we kompýuter bilen has köp aragatnaşyk saklarys. Şeýle hem, Windows we beýleki Microsoft operasion ulgamlarynyň geljekki wersiýasy bilen multimodal görnüşde aragatnaşyk saklap biljekdigimize ynanýaryn. Kompýuter biziň görýänlerimizi görer, eşidýänlerimizi eşider we biz onuň bilen gepleşeris hem-de has çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmegini haýyş ederis. Bu aragatnaşygyň has tebigy görnüşi bolmaly. Biziň syçan we klawiatura ulanýan dünýämiz, Z nesle MS-DOS-y ulanmagyň geň-taňlyk bolşy ýaly, ýat bolar” diýip, Ueston belleýär.

Bu tehnologiýalaryň käbiri eýýäm Windows 12-de peýda bolup biler. Onuň çykjak takyk senesi entek belli däl. Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, ilkinji gezek  belki 2026-njy ýa-da 2027-nji ýylda çykyp biler, ýöne seneleri 2030-njy ýyla çenli gijikdirilip bilner.
Şeýle hem, Ueston kwant kompýuterleriniň hasaplamagyň geljegidigine ynanýar. Onuň pikirine görä, olar ägirt uly hasaplaýyş güýjüni üpjün eder we operasion ulgamlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrar.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......